“Aş­ga­bat 2017” oýunlarynyň dünýä jemgyýetçiligindäki seslenmeleri

    28

    Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da­ky ta­n­yş­dy­ry­lyş çä­re­si
    Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul we Pi­ýon­çoň şä­her­le­rin­de Sport met­bu­ga­ty­nyň hal­ka­ra As­so­sia­si­ýa­sy­nyň 80-nji kong­re­si ge­çi­ril­di. Bu kong­re­siň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň we­kili­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de, 100 döw­let­den 200-den gow­rak hal­ka­ra žur­na­list­ler we myh­man­lar gat­naş­dy. Onda Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ma­ha­bat­lan­dyr­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler we Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­di.

    “Aş­ga­bat 2017” As­ta­na­da
    EKS­PO ser­gi­sin­de gör­ke­zil­di
    Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de şu ýy­lyň 10-njy iýun­ynda öz işi­ne baş­lan “EKS­PO” Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň giň meý­dan­ça­syn­da Türk­me­nis­tan öz eks­po­zi­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de “Aş­ga­bat 2017” uly göw­rüm­li tas­la­ma­ny gör­kez­di. Ol ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek sport fo­ru­my ar­ka­ly ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­man üs­tün­lik­le­ri­ni, açyk­ly­gy­ny, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi­ni hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň myh­man­sö­ýer­li­gi­ni, paý­tag­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni gör­kez­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ýa­dy­gär­lik sow­gat­lyk­lar we en­jam­lar, ýur­du­my­zyň di­zaý­ner­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan “Aş­ga­bat 2017”-niň şe­kil­le­ri bo­lan sport ly­bas­la­ry­nyň nus­ga­la­ry ser­gä ge­len­le­riň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­di.

    Pe­kin­de “Aş­ga­bat 2017”-ä
    ba­gyş­la­nan ser­gi
    Türk­me­nis­ta­nyň HHR-dä­ki il­çi­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Söw­da we­kil­ha­na­sy­nyň bi­na­syn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 100 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li ser­gi­niň açy­ly­şy we ta­nyş­dy­ryş çä­re­si bol­dy. Ýur­du­my­zyň il­çi­ha­na­sy­nyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň DIM-niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­en fo­ru­ma da­şa­ry ýurt­la­ryň HHR-de iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, Hy­ta­ýyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, Pe­ki­niň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan türk­men ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar. Türk­men dok­ma­çy­la­ry to­mus­ky möw­sü­me dynç alyş we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin ly­bas­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­dy­lar. Ýur­du­my­zyň di­zaýn­çy­la­ry “Aş­ga­bat 2017”-niň ny­şan­la­ry ýer­leş­di­ri­len ly­bas­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni gör­kez­di­ler.
    BMG-niň Baş eda­ra­syn­da
    “Aş­ga­bat 2017”-niň ta­nyş­dy­ry­ly­şy
    Türk­me­nis­ta­nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Nýu-Ýork­da ýer­leş­ýän Baş eda­ra­syn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­si gu­ral­dy. Ser­gi gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ry­nyň su­rat­la­ry, Oýun­la­ryň ny­şan­la­ry, şeý­le hem, oýun­la­ra ba­gyş­la­nan wi­deo şe­kil­ler gör­ke­zil­di. Bu çä­rä BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji ses­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Pi­ter Tom­son, sy­ýa­sy me­se­le­ler bo­ýun­ça BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Jeff­ri Flet­man, ara­gat­na­şyk we jem­gy­ýet­çi­lik mag­lu­ma­ty bo­ýun­ça BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry­nyň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ma­her Nas­ser, BMG-niň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­sy, gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň he­mi­şe­lik we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

    Ta­ta­rys­ta­nyň paý­tag­tyn­da
    “Aş­ga­bat 2017”-niň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ge­çi­ril­di
    Ka­zan fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ge­çi­ril­di. Bu çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti, V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Bu ýer­de gu­ra­lan ser­gi­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry gör­ke­zil­di we Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän önüm­ler hö­dür­le­nil­di. Ser­gi­de “Aş­ga­bat 2017”-ä uly orun be­ril­di. Kö­pö­wüş­gin­li ta­nyş­dy­ryş se­riş­de­le­rin­de hem-de ki­tap­ça­lar­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek iň iri sport wa­ka­sy ba­ra­da do­ly we tä­sir­li gür­rüň be­ril­ýär, bu ýer­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şan­la­ry şe­kil­len­di­ri­len dok­ma önüm­le­ri­ni hem gör­mek bol­ýar.

    Du­baý­da “Aş­ga­bat 2017”-niň
    baş­la­ma­gy­na 150 günüň gal­ma­gy bel­len­di
    2017-nji ýy­lyň 20-nji ap­re­lin­de Du­baý şä­he­rin­de “Aş­ga­bat 2017”-niň baş­lan­ma­gy­na 150 gü­nüň ga­lan­dy­gy­na ba­gyş­la­nan me­de­ni çä­re ge­çi­ril­di. Oňa Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik kor­pu­syň we­kil­le­ri, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şol ýurt­da ýa­şa­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry, Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry we Du­baý şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­dä­ki il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýar­dam ber­me­gin­de gur­a­lan bu çä­re dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň şu gün­ki gü­ni, onuň üs­tün­lik­le­ri we ýe­ten sep­git­le­ri, şeý­le hem “Aş­ga­bat 2017”-ä gö­rül­ýän taý­ýar­lyk bi­len ta­nyş­dyr­mak­ly­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ga­la kon­sert Du­baý şä­he­ri­niň gözel ýer­le­ri­niň bi­rin­de açyk as­ma­nyň as­tyn­da ge­çi­ril­di. Kon­sert­den öň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek sport oýun­la­ry ba­ra­da äh­li­ta­rap­la­ýyn mag­lu­ma­ty öz içi­ne al­ýan wi­deoşe­kil­li ta­nyş­dy­ry­lyş fil­mi gör­ke­zil­di.