Abonent bol

Gadyrly okyjylar!
Berkarar döwletimiziň ähli neşirine, şol sanda “Zaman-Türkmenistan” gazetine-de 2017-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşyk başlaýar.
Gazetimize abuna ýazylsaňyz, döredijilik toparymyz Sizi Berkarar döwletimizde, şeýle hem dünýäniň ýurtlarynda, jemgyýetçiliginde, syýasatynda, ykdysadyýetinde, ylym-biliminde, syýahatçylykda, tehnologiýada, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, sportda… bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan tanyşdyryp durar.
Gazetimiziň edebiýat, sungat we medeniýet, çaý başynyň güýmenjesi sahypalarynda dünýäniň meşhur ýazyjylaryň terjime eserleri, täze filmler, belli aktýorlar, režissýorlar, türgenler, dünýäniň sport ýaryşlary hakda söhbet açýan gyzykly makalalar, krosswordlar, tapmaçalar… çap edilýär. “Çynar” sahypamyzda çap edilýän gyzykly makalalary, ertekileri, çeper goşgulary körpelerimiz uly höwes bilen okaýarlar, bu sahypada çap edilýän täsin suratlaram, tebigatyň täsinligi, haýwanlar hakdaky makalalaram köpleri gyzyklandyrýar.
Mahlasy, “Zaman-Türkmenistana” abuna ýazylsaňyz, tutuş maşgalaňyz bilen dynç alyş wagtlaryňyzy peýdaly, gyzykly, güýmenjeli geçirersiňiz!
Gazetiň 6 aýlygynyň bahasy 39 manat. Gazetiň indeksi 69477.