Hindistanda raýat awiasiýasy üçin uçar öndürilip başlandy. Bu barada “TASS” habarlar gullugy habar berýär. Ýurduň baş raýat awiasiýa gullugy ýerli awiakompaniýalara “Dornier Do 228” kysymly uçary ulanmaga rugsat berdi. Bu uçar “Hindustan Aeronautics Limited” döwlet korporasiýasy tarapyndan öndürildi. “Dornier Do 228” kysymly uçar ýurduň ilkinji raýat uçary hökmünde taryha girer. Baş raýat awiasiýa gullugy bu uçarlardan peýdalanmak babatda degişli rugsatnamany berdi. 2 motorly uçar 19 ýolagça niýetlenendir. Ol 700 kilometr aralyga uçup bilýär. Tizligi sagatda 400 kilometre ýetýän uçary ýerli awiagatnawlarda peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

ПОДЕЛИТЬСЯ
<<Iň ki­çi te­le­fo­n
>>Apet howa ulagy