Ýaz aý­la­ryn­da peý­da bol­ýan hem bol­sa, daş­de­şenler otu­rym­ly guş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Olar agaç ga­byk­la­ry­nyň aşa­gyn­da­ky mör-mö­jek­ler we gur­çuk­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Onuň çüň­ki örän ýi­ti bo­lup, ýa­law ýa­ly dyr­nak­la­rynyň kömegi bilen aga­ja mä­käm ýa­pyş­ýar­lar. Olar çüňk­le­ri bi­len aga­jy de­şen­le­rin­de, ga­taň­sy we çe­ýe guý­ruk­la­ry ar­ka­ly de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ýar. Bu guş­lar agaç­da gys­ga ara­lyk­da ça­la­syn he­re­ket edip eý­läk-beý­läk süýş­ýär­ler. Gor­kak bo­lan­soňlar, adam­lar­dan uzak­da mes­gen tu­tun­ýar­lar, hö­würt­ge­le­ri­ni aga­çlaryň kö­wek­le­rin­de ýa­sa­ýar­lar. Bu guş­la­ryň kel­le süňk­le­ri örän mä­käm bol­ýar. Şol se­bäp­li çüň­ki bi­len aga­jy yzy­gi­der­li ura­nyn­da dö­re­ýän sars­gyn onuň beý­ni­si­ne ze­per ýe­tir­me­ýär. Daş­de­şe­niň aga­jy oýa­nyn­da, onuň çüň­kü­niň tiz­li­gi sa­gat­da 40 km/s tö­we­re­gi bol­ýar. Bu örän ýo­ka­ry tiz­lik­dir. Aga­jy çüňki bilen çokup, çyk­ýan ses­den awu­nyň ýe­ri­ni anyk­lap, ony aň­sat­lyk bi­len tut­ýar. Daş­de­şen­ler adat­ça, ba­har pas­lyn­da agaç­la­ry deş­ýär. To­kaý­lar­da ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri di­ňe mör-mö­jek­ler däl, eý­sem, to­kaý ir-iý­miş­le­ri bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. Daş­de­şen­ler reň­ki we gör­nü­şi ba­bat­da, esa­san, 15 bö­le­ge bö­lün­ýär­ler. Olar Ma­da­gas­kar, Okea­ni­ýa we Awst­ra­li­ýa­dan baş­ga Ýer ýü­zü­niň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly ýa­şa­ýar. Bu ýer­ler­dä­ki kä­bir ada­lar­da hem daş­de­şen­ler bar. Kä­bir gör­nüş­le­ri gö­çüp-go­nup ýaşaýan daşdeşenleriň di­ňe to­kaý­lar­da ýa-da agaç­ly ýer­ler­de däl, eýsem, çöl­de ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem ga­bat gel­ýär. Her daş­de­şe­niň özboluşly aý­ra­tyn­ly­gy bar. Me­se­lem, dub daş­de­şe­ni gu­ran aga­jy de­şip, onuň içi­ne dub go­za­sy­ny ýer­leş­dir­ýär. Ýy­lyň do­wa­myn­da bir daş­de­şen şeý­le usul ar­ka­ly uly aga­jyň sü­tü­nin­de 50 müň tö­we­re­gi go­za­ny ýyg­na­ýar.

ПОДЕЛИТЬСЯ
<<Paý­has damjalary
>>Tomsuň lezzeti