Is­len­dik ugur­da kä­bir re­kord­y goý­mak üçin bi­möç­ber ala­da et­me­li bol­ýar. Em­ma olaryň kä­biri te­bi­gy ýag­daý­da ýü­ze çyk­ýar. Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Spi­ti jül­ge­sin­dä­ki poç­ta bö­lü­mi te­bi­gy ýag­daý­da re­kor­da eýe. Bu poç­ta eda­ra­sy de­ňiz de­re­je­sin­den 4440 metr be­lent­lik­dä­ki oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­ri bi­len ha­bar­laş­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär. Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki oba bar­mak üçin eg­rem-bug­ram ýol­lar­dan, çeş­me­ler­den geç­me­li. Jül­gä­niň Hik­kim oba­syn­da­ky poç­ta go­laý­da­ky beý­le­ki oba­la­ry hem ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün ed­ýär. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar hat ug­rat­mak, bank­da­ky ha­sap­la­ry­na pul ge­çir­mek we beý­le­ki hyz­mat­lar üçin bu ýe­re gel­ýär­ler. Täsin obany gör­mä­ge bar­ýan myh­man­lar bol­sa, dün­ýä­niň iň be­ýik­de ýer­leş­ýän poç­ta­syn­dan is­län ýe­ri­ne hat ug­rad­ýar­lar. Ol 1983-nji ýyl­da açy­lyp­dyr. Gy­şyň aşa so­wuk gün­le­rin­de garyň köp mukdarda ýagmagy zerarly oba ba­ryp bol­ma­ýar. Bu ýe­riň te­bi­gy gö­zel­li­gi gö­re­ni özü­ne ben­di ed­ýär. Oba­nyň go­la­ýyn­dan geç­ýän Spi­ti der­ýa­sy onuň gö­zel­li­gi­ni has hem art­dyr­ýar.
Has belentde ýerleşýän Ko­miç oba­sy bolsa, dün­ýä­de ýol bi­len ba­ryp bol­ýan iň be­ýik­dä­ki oba ha­sap­lan­ýar. Ol de­ňiz de­re­je­sin­den 4587 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Oba­da 13 ho­ja­lyk, 5 okuw­çy­sy bo­lan mek­dep bar.

ПОДЕЛИТЬСЯ
<<Tomsuň lezzeti
>>Has ses­siz uçar­lar