1-nji ýan­war­da Alen Ber­se Şweý­sa­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
Bol­ga­ri­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne baş­lyk­lyk edip baş­la­dy.
Rus­si­ýa Ýew­ra­zi­ýa Yk­dy­sa­dy Bi­le­le­şi­gi­ne ýol­baş­çy­lyk edip ug­ra­dy.
9-13-nji ýan­war­da Çen­de­de (HHR) ze­nan­la­ryň ara­syn­da Hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pi­onaty ge­çi­ri­lip, on­da Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy.
12-nji ýan­war­da Sent –Lýu­si­ýa­nyň ge­neral-gu­ber­na­to­ry Ne­will Se­nak we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
12-13-nji ýan­war­da Çe­hi­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di.
22-nji ýan­war­da Li­be­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Jorj Wea we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
26-28-nji ýan­war­da Çe­hi­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tapg­yryn­da Mi­loş Ze­man ýe­ňiş ga­zan­dy.
28-nji ýan­war­da Finl­ýan­di­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
15-nji few­ral­da Si­ril Ra­ma­fo­sa Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň tä­ze Pre­zi­den­ti bol­dy.
9-25-nji few­ral­ aralygynda Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Phýonç­han şä­he­rin­de XXIII gyş­ky Olim­piýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di.
2-nji mart­da Er­me­nis­ta­nyň Par­la­men­ti ozal­ky Prem­ýer-mi­nistr Ar­men Sar­kis­ýa­ny Pre­zi­dent­li­ge saý­la­dy.
4-nji mart­da Ita­li­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
9-18-nji mart­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Phýonç­han şä­he­rin­de XII gyş­ky Pa­ra­lim­piýa oýun­lary ge­çi­ril­di.
11-nji mart­da Se­best­ýan Pi­ne­ra Çi­li­niň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ol 2010-2014-nji ýyl­lar­da hem ýur­duň Pre­zi­den­ti bo­lup­dy.
18-nji mart­da Rus­si­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip, on­da ozal­ky Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin ýe­ňiş ga­zan­dy.
19-njy mart­da Po­la-Meý-Uiks Tri­ni­da­d we To­ba­go­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
26-28-nji mart­da Mü­sür­de Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
4-15-nji ap­rel­de Awst­ra­li­ýa­nyň Gold-Kost şä­he­rin­de XXI Ar­ka­la­şyk oýun­la­ry “Com­mon­wealth Ga­mes” ge­çi­ril­di.
8-nji ap­rel­de Weng­ri­ýa­da äh­lu­mu­my saý­law­lar ge­çi­ril­di.
9-njy ap­rel­de Ar­men Sar­kis­ýan Er­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
11-nji ap­rel­de Azer­baý­jan­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip, on­da ozal­ky Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew ýe­ňiş ga­zan­dy.
15-nji ap­rel­de Çer­no­go­ri­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
19-njy ap­rel­de Ku­ba­nyň Döw­let ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ra­ul Kast­ro işin­den git­di we Mi­gel Di­as-Ka­nel tä­ze döw­let Baş­tu­ta­ny bol­dy.
23-nji ap­rel­de Er­me­nis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Serž Sargs­ýan işin­den git­di.
27-nji ap­rel­de De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Li­der­le­ri­niň Phan­mund­žom­da sam­mi­ti bol­dy.
30-njy ap­rel – 6-njy maý ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa­nyň Kas­piýsk şä­he­rin­de Sport gö­re­şi bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň çem­pi­on­aty ge­çi­ril­di.
4-20-nji maý­da Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen­de we iri şä­he­ri Her­ning­de hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pi­on­aty ge­çi­ril­di.
5-nji maý­da NA­SA “In­Sight” en­ja­my­ny Mar­sa iberdi.
6-njy maý­da Li­wan­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
7-nji maý­da Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin we­zi­pe­si­ne gi­riş­di.
8-nji maý­da Ni­kol Pa­şin­ýan Er­me­nis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nistr­li­gi­ne saý­lan­dy.
Rus­si­ýa­nyň Döw­let Du­ma­sy Dmit­riý Med­we­dewi Rus­si­ýa Federasiýasynyň hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di.
8-12-nji maý­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lis­sa­bon­da ge­çi­ri­len “Ýew­ro­wi­de­ni­ýa — 2018”-de ys­ra­ýy­lly aý­dym­çy Net­ta Bar­zi­laý ýe­ňiş ga­zan­dy.
17-nji maý­da Hy­taý­da il­kin­ji ge­zek “OneS­pace” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň OS-X ra­ke­ta­sy sy­nag­dan ge­çi­ril­di.
19-njy maý­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da şa­za­da Gar­ri bi­len Me­gan Mark­lyň toý da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.
20-nji maý­da Mi­lo Ju­ka­no­wiç Çer­no­go­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ol 1998-2002-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da hem ýur­dy do­lan­dy­ryp­dy.
3-nji iýun­da Slo­we­ni­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
12-nji iýun­da ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ABŞ-nyň we De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň Li­der­le­ri Sin­ga­pur­da du­şuş­dy­lar.
14-nji iýun – 15-nji iýul ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa­da Fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pi­on­aty ge­çi­ril­di. Fi­nal­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Hor­wa­ti­ýa­nyň ýy­gyn­dysyny ýe­ňip, ikin­ji ge­zek dün­ýä çem­pio­ny bol­dy.
24-nji iýun­da Tür­ki­ýe­de Pre­zi­dent we Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. On­da Ada­lat we ösüş par­ti­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän ozal­ky Pre­zi­dent Re­jep Ta­ýip Är­do­gan ýe­ňiş ga­zan­dy.
16-njy iýul­da Finl­ýan­di­ýa­nyň paý­tag­ty Hel­sin­ki­de Rus­si­ýa­nyň we ABŞ-nyň Li­der­le­ri­niň il­kin­ji gi­ňiş­le­ýin du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
25-27-nji iýul­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­hann­nes­burg şä­he­rin­de BRIKS-iň (Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy) X sam­mi­ti ge­çi­ril­di.
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V sammiti geçirildi.
12-nji aw­gust­da NA­SA Gün aý­ty­my­ny hem-de Gün ýe­li­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len “Par­ker” at­ly zon­du­ny Gü­ne ýol­la­dy.
18-nji aw­gust – 2-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta­da we ýur­duň iri şä­he­ri Pa­lem­bang­da to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di.
24-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti ge­çi­ril­di.
2-8-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di.
9-njy sent­ýabr­da Şwe­si­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
9-14-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­tan­da “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ge­çi­ril­di.
23-nji sent­ýabr — 6-njy okt­ýabr ara­ly­gyn­da Gru­zi­ýa­nyň Ba­tu­mi şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä küşt olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di.
6-18-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Ar­gen­ti­na­nyň paý­tag­ty Bue­nos-Aý­res­de Ýet­gin­jek­le­riň III to­mus­ky oýun­la­ry ge­çi­ril­di.
6-njy okt­ýabr­da ABŞ-nyň Ne­wa­da şta­ty­nyň Pa­ra­daýs şä­he­rin­de Ha­bib Nur­ma­go­me­dow bi­len Ko­nor Makg­re­go­ryň ara­syn­da bo­lan ba­şa-baş sö­weş­de Nur­ma­go­me­dow ýe­ňiş ga­za­nyp, öz ag­ra­my bo­ýun­ça çem­pi­on de­re­je­si­ni go­ra­dy.
7-nji okt­ýabr­da Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­lar­da Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­ler – Ža­ir Bol­so­na­ro we Fer­nan­do Ad­dad saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ryna saý­lan­dy­lar.
20-nji okt­ýabr­da Fran­si­ýa­nyň Ku­ru kos­mod­ro­myn­dan Ýew­ro­pa­nyň kos­mos agent­li­gi­niň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň ae­ro­kos­mos bar­lag­la­ry agent­li­gi­niň bi­le­lik­dä­ki “Aria­ne 5” ra­ke­ta gö­te­ri­ji­si Mer­ku­ri­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len as­ma­na gö­te­ril­di.
23-nji okt­ýabr­da Wýet­na­myň Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­synyň Mer­ke­zi Ko­mi­te­ti­niň Baş sek­re­ta­ry Nguen Fu Çong ýur­duň Pre­zi­dent­li­gi­ne saý­lan­dy.
25-nji okt­ýabr­da Sah­le-Work Zew­de Efio­pi­ýa­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti bol­dy.
28-nji okt­ýabr­da Gru­zi­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çir­ilip, on­da Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li we Gri­gol Wa­şad­ze ikin­ji tap­gy­ra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şol gün Bra­zi­li­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çiri­lip, da­laş­gär Ža­ir Bol­so­na­ro ýe­ňiş ga­zan­dy.
31-nji okt­ýabr­da Hin­dis­ta­nyň Gu­ja­rat şta­tyn­da ýur­duň döw­let iş­gär­le­ri­niň bi­ri Wal­lab­hai Pa­te­liň ýa­dy­gär­li­gi açy­lyp, ol dün­ýä­de iň uly heý­kel ha­sap­lan­ýar.
1-10-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­tan­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.
4-nji no­ýabr­da Tä­ze Ka­le­do­ni­ýa­nyň Fran­si­ýa­dan Ga­raş­syz­ly­gy üçin sa­la sa­lşyk ge­çi­ril­di.
6-njy no­ýabr­da ABŞ-nyň Kong­re­si­niň ara­lyk saý­law­la­ry ge­çi­ril­di.
11-nji no­ýabr­da Birinji ja­han ur­şu­nyň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Pa­riž­de ha­ty­ra çä­re­si ge­çi­ril­di.
11-nji no­ýabr­da War­şa­wa­da Pol­şa­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di.
18-nji no­ýabr­da Lat­wi­ýa­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 100 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­di.
28-nji no­ýabr­da Gru­zi­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li ýe­ňiş ga­za­nyp, Gru­zi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ze­nan Pre­zi­dent bol­dy.
29-njy no­ýabr – 16-njy de­kabr ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da gand­bol bo­ýun­ça Ýew­ro­pa çem­pi­on­ly­gy ge­çi­ril­di.
16-njy de­kabr­da Gru­zi­ýa­nyň Te­la­wi şä­he­rin­dä­ki Ba­to­nis-si­he ga­la­syn­da ýurduň tä­ze Pre­zi­den­ti Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li­niň ka­sam ka­bul edişlik da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di
30-njy de­kabr­da – Kon­go Halk Res­pub­li­ka­syn­da äh­lu­mu­my saý­law­lar ge­çi­ril­di.