Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 4-nji ýan­wa­ry Braýl elip­bi­ýi­niň bü­tin­dün­ýä gü­ni hök­mün­de yg­lan et­di. Braýl elip­bi­ýi ba­tyl­lar hem-de gö­rüş taý­dan ukyp­syz­la­ryň ki­tap­la­ry hem-de dö­wür­le­ýin ne­şir­le­ri oka­mak üçin ulan­ýan ýa­zuw ul­ga­my­dyr.
Braýl elip­bi­ýi ma­ýyp­la­ryň hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa la­ýyk­lyk­da, kör­ler jem­gy­ýe­ti­niň esa­sy se­riş­de­si bo­lup hyz­mat edip, ola­ryň bi­lim we mag­lu­mat al­ma­gyn­da hem-de pi­kir­le­ri­ni er­kin be­ýan et­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.
— Baş As­samb­le­ýa 4-nji ýan­wa­ry Braýl elip­bi­ýi­niň bü­tin­dün­ýä gü­ni hök­mün­de yg­lan et­di. Ol Braýl elip­bi­ýi­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len 2019-njy ýyl­dan baş­la­nyp, her ýyl bel­le­ni­ler – diý­lip, ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş dün­ýä­de 10 mil­lio­na go­laý kör bar. Tak­my­nan, 130 mil­li­on adam gö­rüş taý­dan ma­ýyp ha­sap­lan­ýar.
1809-njy ýy­lyň 4-nji ýan­wa­ryn­da fran­si­ýa­ly Lui Braýl bäş ýa­şyn­da­ka, gör­mek­den mah­rum bol­ýar. Ol Pa­riž­dä­ki ba­tyl­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de oka­ýan döw­rün­de ba­tyl­la­ryň ki­tap oka­ma­gy ba­ra­da pi­kir­len­mä­ge baş­la­ýar. Lui Braýl 1824-nji ýyl­da 15 ýa­şyn­da ba­tyl­la­ryň il­kin­ji elip­bi­ýi­ni taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem ol giň­den ula­nyl­ýar. 1837-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň ta­ry­hy ki­ta­by Braýl elip­bi­ýi usu­lyn­da çap edi­len il­kin­ji ki­tap bol­ýar.