Awst­ra­li­ýa­nyň Ra­ýat awia­si­ýa howp­suz­ly­gy eda­ra­sy (CASA) «uç­ýan tak­si» hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ryň gel­jek 5 ýy­lyň do­wa­myn­da ýurt­da he­re­ket edip baş­la­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri iri şä­her­ler­de we iş mer­kez­le­ri­niň töwereklerinde “uç­ýan tak­si» hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­mak üçin päs­gel­çi­li­giň ýok­du­gy­ny bel­le­ýärler. Eda­ra­nyň we­ki­li Pe­ter Gib­son hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ryň mu­nuň üçin ba­ha­sy mil­li­on­lar­ça dol­lar­lyk hyz­mat­daş­lyk tek­lip­le­ri hö­dür­le­ýän­dik­le­ri­ni aýdýar. Ol uç­ýan aw­tou­lag­la­ryň di­ku­ça­ry kä­ren­de­si­ne al­mak­dan ta­pa­wut­ly däl­di­gi­ni, em­ma has ar­zan bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Gib­son “Uber” ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýän aw­to­nom uç­ýan tak­si­ler­de, il­kin­ji no­bat­da, sü­rü­ji bol­jak­dy­gy­ny, pi­lot­syz tak­si­le­riň bol­sa, mil­li­on­lar­ça sa­gat­lyk uçuş­dan soň­ra hyz­ma­ta hö­dür­le­nip bi­lin­jek­di­gini aý­dýar. “Uber” şeý­le hyz­ma­ty 2020-nji ýyl­da ABŞ-da hö­dür­le­mek üçin ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da Ame­ri­kan ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) bi­len şert­na­ma bag­la­şyp­dy.