8-11-nji ýan­war ara­ly­gyn­da elekt­ron en­jam­la­ry­na ba­gyş­la­nan şu ýy­lyň il­kin­ji ser­gi­si ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. “CES 2019” ser­gi­sin­de elekt­ron se­na­ga­tyn­da­ky tä­ze­lik­ler, ses ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter en­jam­la­ry, daş­ky gur­şaw en­jam­la­ry, san­la­ýyn gör­ke­zi­jili teh­no­lo­gi­ýa­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da ula­nyl­ýan ses ul­gam­la­ry, aw­tou­lag­la­ra de­giş­li elekt­ron en­jam­lar, mul­ti­med­ia en­jam­la­ry we ola­ra de­giş­li bir­nä­çe tä­ze­lik­ler bilen ta­nyş­dy­ry­lar.
Öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we smart­fon ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy bu ser­gi­de “akyl­ly” aýak­gap bilen ta­nyş­dy­rar. Ön­dür­ýän ha­ryt­la­ry­nyň sa­ny­ny ýyl­sa­ýyn art­dyr­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň bu aýak­gap­la­ry nä­çe ädim äden­di­gi­ňi, nä­çe wagt ýö­rän­di­gi­ňi ýa-da yl­gan­dy­gy­ňy, umu­man, gün­de­lik he­re­ke­tiň bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry ha­sap­la­ýar. Esa­san, tür­gen­le­re ni­ýet­le­nen bu kö­wüş spor­ty dur­muş ýö­rel­ge­si ha­sap­la­ýan äh­li müş­de­ri­ni gy­zyk­lan­dyr­ýar. Kom­pa­ni­ýa ser­gi­de “akyl­ly” öý teh­ni­ka­sy­na de­giş­li beý­le­ki harytlaryny hem gör­ke­zer.
Ýa­pon tehnologiýa ägir­di “So­ny” hal­ka­ra göz­den ge­çi­riliş­de tä­ze te­le­fon­la­ry­ny köpçülige hödürlär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, adat­ça bu ser­gi­de täze smartfon bilen ta­nyş­dy­ryl­ma­ýar. Se­bä­bi, olar few­ral aýyn­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ril­ýän MWC ser­gi­sin­de gör­ke­zil­ýär. Şeý­le hem “App­le”, «Sam­sung” ýa­ly iri kom­pa­ni­ýa­lar aýratyn ta­nyş­dyr­yş da­ba­rasy ge­çir­ýär. “So­ny” bu dä­bi üýt­ge­dip, ser­gi­den bir gün öň tä­ze smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň LG kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze ne­sil “Cine­Be­am” at­ly 4K pro­ýek­to­ry­ny ta­nyş­dy­rar. En­jam di­wa­ra ýa-da is­len­dik te­kiz­li­ge 4K du­ru­ly­gyn­da­ky şe­ki­li ser­pik­di­r­ýär. Smart­fon, da­ky­nyl­ýan en­jam­, OLED te­le­wi­zor­, ses ul­gam­la­ry, öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy ýa­ly en­jam­la­ry ön­dür­ýän “LG electro­nics” in­no­wa­si­ýa aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şol se­bäp­li soň­ky ýe­di ýyl­dan bä­ri bu hal­ka­ra ser­gi­de bir­nä­çe baý­ra­ga my­na­syp bol­ýar. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­na bu ýyl­ky ser­gi­de hem baý­rak gow­şu­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Şeýl-de LG-niň ser­gi­de ep­len­ýän ek­ran teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny hem ta­nyş­dyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.