ABŞ-nyň Las-We­gas şä­he­rin­de düýn ta­mam­la­nan hal­ka­ra teh­no­lo­gi­ýa ser­gi­sin­de (CES 2019) elekt­ron se­na­ga­ty­na de­giş­li üýt­ge­şik en­jam­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar köp­çü­li­ge gör­ke­zil­di. 50 ýyl­dan köp wagt­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi sarp edi­ji­le­re ni­ýet­le­nen elekt­ron en­jam­la­ry­na ba­gyş­la­nan dün­ýä­niň iň iri çä­re­si ha­sap­lan­ýar. Hal­ka­ra ser­gä dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan 4500-den gow­rak kom­pa­ni­ýa, şol san­da, önüm ön­dü­ri­ji­ler, teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry bilen üp­jün edi­ji­ler we ola­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan şe­re­ket­ler gat­naş­ýar. Şeý­le hem ser­gi­niň çäk­le­rin­de 250 tö­we­re­gi mas­la­hat ge­çi­ril­di, innowasion enjamlary oýlap tapan şereketlere baýraklar gowşuryldy. Maslahatlara dün­ýä­niň 150 ýur­dun­dan şe­re­ket­le­riň we­kil­le­ri, bu ugur­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­ler gat­naş­dy. Sarp edi­ji­le­re ni­ýet­le­nen teh­no­lo­gi­ýa se­na­ga­ty­nyň glo­bal de­re­je­de pul do­la­ny­şy­gy­nyň ýyllyk 398 mil­liard dol­lar­dy­gy bellenilýär.

“Mat­rix In­dust­ri­es” fir­ma­sy­nyň 2016-njy ýyl­da çy­ka­ran sa­ga­dy özü­ne ge­rek­li to­gy ada­myň be­de­ni­niň ýy­ly­ly­gyn­dan al­ýar­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze çy­ka­ran “Mat­rix Po­wer­Watch 2” sa­ga­dy hem be­de­niň ýy­ly­ly­gyn­dan ener­gi­ýa al­ýar, hem-de oňa ki­çi­jik Gün pa­nel­ji­gi ýer­leş­di­ri­lip­dir. En­jam «iOS» hem-de “And­ro­id” te­le­fon­lar bi­len saz­la­şyk­ly iş­läp bil­ýär. Go­şar sa­ga­dy gün­de­lik he­re­ke­tiň ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry top­la­ýar, gan ba­sy­şy­ňy öl­çe­ýär we GPS ar­ka­ly ýe­ri­ňi anyk­la­ýar. Tä­ze en­jam “Ka­bel bi­len zar­ýad ber­mek düý­bün­den ge­rek däl” diý­lip ta­nyş­dy­ryl­dy.

Dron­lar, ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti (IoT), 8K du­ru­ly­gyn­daky te­le­wi­zor­lar, 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy, ep­len­ýän ek­ran­lar ser­gä gat­na­şyjylaryň ün­sü­ni çek­di. Bu ýer­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan gelen hal­ka­ra de­re­je­sin­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bir ha­tar­da, ulu­ly-ki­çi­li tä­ze şe­re­ket­ler hem öz ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­di. Ser­gä LG, “Asus”, “So­ny”, “Acer” ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa brend­le­ri, şeý­le hem «Mercedes», BMW we başga-da bir­nä­çe aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­dy.

Beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bir ha­tar­da “Asus” hem ýan­komp­ýu­ter­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni ta­nyş­dyr­dy. Ola­ryň il­kin­ji­si “ROG Zep­hy­rus GX701” aşa ýu­ka­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 17 dýuým­lyk ek­ran­ly no­ut­bu­gyň ek­ra­ny­nyň gy­ra­syn­da­ky çar­çu­wa hem örän in­siz. Şeý­le­lik­de, ol 15 dýuým­lyk en­jam­la­ra ni­ýet­le­nen tor­ba­la­ra hem syg­ýar. Ýo­ka­ry du­ru­lyk­da reňk­le­ri hö­dür­le­ýän en­ja­myň zar­ýa­dy hem köp wagt­lap sak­la­nýar. “Asus” kom­pa­ni­ýa­sy “ROG G703”, “ROG Strix SCAR II”, “ROG Strix He­ro II” we “Asus Zen­bo­ok 14” no­ut­buk­la­ry­ny gör­kez­di. “Asus” bi­len bir ha­tar­da “Ra­zer” we beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­la­ryň oýun oý­na­ma­ga ni­ýet­le­nen ýan­komp­ýu­ter­le­riň ek­ra­ny­nyň bö­lü­nip aýrylýandygy ün­si çek­ýär.

Mik­rop­ro­ses­sor önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “In­tel” tä­ze “Ice La­ke” mik­rop­ro­ses­so­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Şu ýyl sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak 10 na­no­metr­lik mikroprosessor komp­ýu­ter­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dy­rar. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da aý­dy­ly­şy­na gö­rä, tä­ze mik­rop­ro­ses­sor­lar şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li şah­sy komp­ýu­ter­ler­de we ýankomp­ýu­ter­ler­de otur­dy­lar. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze tas­la­ma­syn­a laýyklykda el te­le­fon­la­ryn­da­ky ba­ro­metr­ler ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny has ta­kyk anyk­la­mak üçin peý­da­la­ny­lar. IBM-e de­giş­li bo­lan “The We­at­her Com­pa­ny” ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan tas­la­ma hä­zir­ki wagt­da ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny çak­la­mak üçin ula­nyl­ýan usul­dan düý­bün­den baş­ga­ça çöz­güt hö­dür­le­ýär.

“Bread Bot” at­ly en­jam ha­my­ry ýug­rup, ony bö­lek­le­re bö­lüp, aw­to­mat ýag­daý­da çö­rek bi­şir­ýär. “Wil­kin­son Ba­king Com­pa­ny” ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan en­jam azyk ha­ryt­la­ry­ny sat­ýan söw­da mer­kez­le­rin­de müş­de­ri­le­ri ýaňy bi­şen gyzgyn çö­rek bi­len yzy­gi­der­li üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ön­dü­ri­lip­dir. En­jam ýö­ri­te ga­by­na goý­lan ga­ty ha­my­ra ge­rek­li muk­dar­da su­wy we ha­myr­ma­ýa­ny go­şup, bel­li ulu­lyk­da ke­sip, do­lu­ly­gy­na aw­to­mat gör­nüş­de taý­ýar ed­ýär. En­ja­my dür­li gör­nüş­li çö­rek­le­ri taý­ýar­la­mak üçin saz­lap bol­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da smart­fon sa­tu­wy aza­lan HTC kom­pa­ni­ýa­sy ser­gi­de hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­ni ta­nyş­dyr­dy. “Vive Pro Eye” we “Vive Cos­mos VR” at­ly en­jam­lar­da has tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­ni ön­dür­mek­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan HTC-niň bu äý­nek­le­ri wideoýaz­gy­ny has ha­ky­ka­ta ýa­kyn gör­kez­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak en­jam­la­ryň ba­ha­sy mä­lim edil­me­di.

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň LG kom­pa­ni­ýa­sy ser­gi­de ep­len­ýän te­le­wi­zo­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Te­le­wi­zor ge­rek bol­ma­jak ma­ha­ly ýyg­na­lyp aşa­gyn­da du­ran sto­luň içi­ne gir­ýär. 65 dýuým­lyk te­le­wi­zo­ry uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan en­jam ar­ka­ly ýyg­nap we gaý­ta­dan aç­mak müm­kin. OLED ek­ran­ly te­le­wi­zor 20 sm tö­we­re­gi bo­lan ga­pyr­ja­gyň içi­ne gir­ýär. “Sig­na­tu­re Se­ri­es OLED TV R” at­ly 4K du­ru­ly­gyn­da­ky tä­ze te­le­wi­zo­ryň ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da sa­tu­wa çykaryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Onuň 50 müň ge­zek açy­lyp ýa­pyl­ma­ga çy­dam­ly­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu ha­sap bi­len, ony her gün­de 8 ge­zek açy­p ýa­pan­da, 17 ýyl ula­nyp bo­lar. Şeý­le hem te­le­wi­zo­ryň dört­den bir bö­le­gini ga­pyr­jak­dan çy­kyp du­rar ýa­ly edip saz­lap bol­ýar. Şeý­di­len­de, ek­ra­nyň ýü­zün­de sa­gat, ho­wa­nyň ýag­da­ýy we su­rat gör­nüp dur­ýar. Onuň ses ul­ga­my­ny bol­sa, te­le­wi­zor iş­le­dil­me­se-de, “Blue­tooth” bag­la­ny­şy­gy ar­ka­ly ula­nyp bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, te­le­wi­zo­r ýyg­nal­gy wag­ty is­len­dik ka­na­ly açyp, onuň di­ňe se­si­ni diň­le­mek hem müm­kin.