Hin­dis­tan­ly ta­lyp­la­ryň iş­läp dü­zen “Ka­lam­sat-V2” eme­li hem­ra­sy kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Ag­ra­my 1 kg 26 gram bo­lan en­jam ýur­duň Kos­mos Bar­lag­la­ry Gu­ra­ma­sy (IS­RO) ta­ra­pyn­dan Sri­ha­ri­ko­ta kos­mod­ro­myn­dan älem gi­ňiş­li­gi­ne ibe­ril­di. IS­RO-nyň ýol­baş­çy­sy Kaý­la­sa­wa­di­wu Si­wan “Ka­lam­sat-V2”-niň hä­zi­re çen­li uçu­ry­lan iň ýe­ňil eme­li hem­ra­dy­gy­ny, ony hu­su­sy şe­re­ke­tiň ön­dü­ren­di­gi­ni bel­läp, eme­li hem­ranyň ara­gat­na­şyk üçin ni­ýet­le­nen­di­gi­ni, munuň ta­lyp­la­ryň gel­je­giň alym­la­ry we in­že­ner­le­ri bol­mak­la­ry­na hö­wes dö­ret­jek­di­gi­ni aýt­dy. Hin­dis­ta­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Na­rend­ra Mo­di eme­li hem­ra­ny iş­läp dü­zen ýaş­la­ry gut­la­dy. Emeli hemra go­laý­da «PSLV-C43» ra­ke­ta­sy bi­len uçurylan 31 eme­li hem­ra­nyň biridi.
Ýurt­da soň­ky ýyl­lar­da kos­mos pu­da­gyn­da uly öňe­gi­diş­likler ga­za­nyl­ýar. Ýur­duň ast­ro­nom­la­ry­nyň taý­ýar­lan kos­mos gä­mi­si 2014-nji ýyl­da Mar­sa ba­ryp ýe­tip­di we ta­ryh­da­ky iň iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy. Ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­la­ry hem kos­mo­sa iber­mek­de ýö­ri­te­le­şen Sri­ha­ri­ko­ta kos­mod­ro­myn­dan beý­le­ki ýurt­la­ra de­giş­li eme­li hem­ra­lar hem uçu­ryl­ýar. Ge­çen ýyl bu ýer­den je­mi 104 eme­li hem­ra kos­mo­sa ibe­ril­di.