“Ata Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ösen, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­me­gi biz öz öňü­miz­de be­lent mak­sat edip goý­duk” di­ýip bel­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­myz tä­ze ösüş döw­rü­ne ga­dam bas­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­da geçirilen Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Bu stra­te­gik res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gyň, halk ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ry­ny hem-de döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­ny dü­züm taý­dan mun­dan beý­läk-de tä­ze­den gu­ra­ma­gyň no­bat­da­ky tap­gy­ry baş­lan­dy.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­megiň Mak­sat­na­ma­sy” öňü­miz­dä­ki 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy se­na­gat hem-de in­no­wa­si­on ösüş taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryp, kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­me­gi­ne iter­gi be­rer.

TÄ­ZE MAK­SAT­NA­MA­ sanlarda:
— Bel­le­nen top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 2019-njy ýyl­da 6,3 gö­te­ri­me, 2025-nji ýyl­da bol­sa, 8,2 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol döw­re çen­li je­mi içer­ki önü­miň dü­zü­min­de se­na­gat pu­da­gy­nyň tut­ýan pa­ýy 33,8 gö­te­ri­me, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň­ky 8,9 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň­ky 11,5 gö­te­ri­me we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň­ky 45,8 gö­te­ri­me deň bo­lar.
— San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek önüm­çi­li­giň dep­gin­li ösü­şini ýo­ka­ry sep­git­le­re çyk­arma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, äh­li pu­dak­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi dün­ýä­niň iň oňat tej­ri­be­si­ni, öň­de­ba­ry­jy yl­my pi­kir­le­ri we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak bi­len, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly üp­jün edi­ler.
— 2019-2025-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry­na esa­sy se­riş­de­ler 229,3 mil­liard ma­nat möç­be­rin­de me­ýil­leş­di­ril­di. Şo­nuň 91,3 gö­te­ri­mi, ýagny 209,2 mil­liard ma­na­dy önüm­çi­lik ul­ga­my­na gö­nük­di­ri­ler, bu bol­sa, tä­ze kär­ha­na­la­ryň hem-de iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­di­rer.
— Gel­jek­de bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň ýo­ka­ry dep­gin­de ös­dü­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar, bu, bi­ler­men­le­riň ha­sap­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2025-nji ýyl­da 81 mil­liard ma­na­da ba­ra­bar bo­lar, şun­da 2019-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ösüş dep­gi­ni 29,1 gö­te­ri­me (62,7 mil­liard ma­na­t) deň bo­lar. Bö­lek ha­ryt do­la­ny­şy­gyn­da döw­le­te da­hyl­syz bö­le­giň pa­ýy 91 gö­te­ri­me ýe­ti­ri­ler.
— Tä­ze Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýyl­da ýur­du­myz­da ila­tyň köp sarp ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry pul gör­nü­şin­de 16,1 mil­liard ma­na­da ba­ra­bar bo­lar hem-de 2019-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 22,2 gö­te­rim (13,2 mil­liard ma­nat) art­dy­ry­lar.
— Şeý­le hem mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de da­şa­ry söw­da­nyň umu­my möç­be­ri 135,2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na, şol san­da onuň eks­port ug­ry 84,1 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na, im­por­ty 51,1 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lar.
— 2019-2025-nji ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de 13 has­sa­ha­na, 20 Sag­lyk öýi, 163 mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry, 201 umu­my bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep, 16 Me­de­ni­ýet öýi, 11 suw aras­sa­laý­jy des­ga, 13 la­gym aras­sa­la­ýyş des­ga, şeý­le hem umu­my meý­da­ny 1896,4 müň ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar. Şeý­le hem 17 has­sa­ha­na­ny, 22 Sag­lyk öýü­ni, 2 ça­ga­lar ba­gy­ny hem-de bir Me­de­ni­ýet öýü­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
— Ýo­kar­da gör­ke­zi­len mak­sat­lar üçin esa­sy ma­ýa go­ýu­my­na 9976,7 mil­li­on ma­nat ma­li­ýe se­riş­de­si, şol san­da Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 1944,3 mil­li­on ma­nat, Bal­kan we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 1244,1 mil­li­on ma­nat, Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 2907,3 mil­li­on ma­nat, Le­bap we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 1851,3 mil­li­on ma­nat we Ma­ry we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 2029,7 mil­li­on ma­nat möç­be­rin­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni goý­ber­mek göz öňün­de tu­tul­dy.
— Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry bo­ýun­ça dur­muş mak­sat­ly we önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň 7 ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rul­ma­gy hem-de esa­sy önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň sa­na­wy dü­zül­di. Bu pu­dak­da döw­le­te da­hyl­syz bö­le­ge de­giş­li, şol san­da oba ho­ja­lyk we se­na­gat mak­sat­ly 134 des­ga göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.